Geçen agşam — 3-nji iýula geçilen gije 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň 1/16 finalynyň çäginde Portugaliýanyň we Horwatiýanyň milli ýygyndylary duşuşdy. Oýun Kanadanyň Toronto şäherindäki «Bi-Em-O Fild» stadionynda geçirildi. Duşuşyk 2:1 hasabynda portugaliýalylaryň peýdasyna tamamlandy.
Ýeňiji bolan toparyň gollaryny Kriştianu Ronaldu (penaltiden) we Gonsalu Ramuş (90+4-nji minutda) geçirdi. Horwatlaryň ýeke-täk goluny bolsa Iwan Perişiç öz adyna ýazdyrdy.
Oýun çekeleşikli pursatlara baý boldy: eminler tarapyndan birnäçe gol hasaba alynmady. Portugaliýanyň düzüminde Kriştianu Ronaldunyň bir goly, Horwatiýadan bolsa jemi üç gol «goýbolsun» edildi. Bellärlikli tarapy, horwatlaryň oýnuň esasy wagtyna goşulan 13-nji minutda (90+13’) geçiren ikinji goly hem hasaba alynmady.
Indiki 1/8 final tapgyrynda Roberto Martinesiň şägirtleri Ispaniýanyň milli ýygyndysy bilen duşuşarlar.
Beýleki duşuşykda bolsa Ispaniýa Awstriýany uly hasap bilen ýeňdi—3:0. Bu oýunda Oýarsabalyň dubly bellige alyndy.
Şeýlelikde, çempionatyň 1/8 finalynda Portugaliýanyň ýygyndy topary Ispaniýanyň ýygyndysynyň garşysyna çykar.
Şweýsariýa bolsa Alžiriň ýygyndysyny ynamly ýeňdi — 2:0.
Indi bolsa nobat 1/16 finalyň ahyrky duşuşyklaryna gelip ýetdi.
Tapgyryň nobatdaky oýunlary (Aşgabat wagty bilen):
3-nji iýul, 23:00. Awstraliýa — Müsür;
4-nji iýul, 03:00. Argentina — Kabo-Werde;
4-nji iýul, 06:30. Kolumbiýa — Gana.
