«Microsoft» kompaniýasynyň esaslandyryjysy Bill Geýts Alsgeýmer keselini bejermegiň innowasion usullaryny işläp düzmek üçin emeli intellektden peýdalanmagy höweslendirmek maksady bilen yglan eden bäsleşigini 1 million dollarlyk serişde bilen maliýeleşdirýär. Bu barada «Financial Times» habar berýär.
«Alzheimer’s Insights AI» atly baýrak Alsgeýmer keseli boýunça bar bolan maglumatlar esasynda taryhy açyşlary gazanmak üçin «özbaşdak meýilleşdirmäge, pikir ýöretmäge we hereket etmäge ukyply» emeli intellektiň binýadynda agentleri programmirlemek boýunça iň täsirli usulyýetleri hödürlän topara berler.
Bäsleşigiň ýeňijisi tarapyndan döredilen gural dünýäniň ähli alymlary üçin mugt elýeterli ediler.
Alymlar munuň emeli intellektiň iň ýaýran görnüşi boýunça onýyllyklaryň dowamynda ýygnalan dürli-dürli maglumatlaryň ägirt uly toplumyny seljerip, öň gözden sypan täze mümkinçilikleri açmagyna umyt baglaýarlar.
Çeşmeleriň dürli bahalandyrmalaryna görä, häzirki wagtda, takmynan 55 million adam demensiýa keselinden ejir çekýär. Ilatyň garramagy bilen baglylykda, 2050-nji ýyla çenli bu görkezijiniň üç esse artjakdygy çaklanylýar.
Bäsleşik häzirki wagtda Silikon jülgesinde saglyk pudagyndaky meseleleri kesgitlemekde, täze dermanlary işläp taýýarlamakda we degeneratiw keselleri hem-de düwnük keselini bejermekde peýdaly bolup biljek emeli aň modellerini döretmek ugrunda barha artýan bäsdeşligiň çygrynda geçirilýär.
Awgustyň başynda Bill bilen Melinda Geýtsiň gaznasy tarapyndan 2030-njy ýyla çenli zenanlaryň saglygy bilen baglanyşykly barlaglary goldamaga 2,5 milliard dollarlyk serişdäniň gönükdiriljekdigi hem mälim boldy.