Bu gün — Bütindünýä degişme güni. Russiýada bu baýramçylyk XVIII asyryň başynda Ýewropanyň däp-dessurlaryny gowy gören Petr I tarapyndan ornaşdyrylypdyr.
1778-nji ýyl. Nýu-Orleandan bolan telekeçi Oliwer Pollok dollaryň belgisini ($) oýlap tapdy.
1809-njy ýyl. Belli prozaçy, dramaturg, tankytçy, şahyr, publisist hem-de rus edebiýatynyň nusgawy wekili Nikolaý Gogol dünýä indi.
1875-nji ýyl. Angliýanyň «Taýms» (The Times) gazeti dünýäde bir hepdelik howa maglumatyny çap eden ilkinji neşir boldy.
1889-njy ýyl. Çikagoda Jozefina Kokreýn tarapyndan döredilen ilkinji gap-gaç ýuwujy maşyn satuwa çykaryldy.
1890-njy ýyl: Belgiýadan göçüp gelen Şarl Wan Depule Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda ilkinji trolleýbus üçin patent aldy.
1938-nji ýyl. Şweýsariýada «Nestlé» kompaniýasy tarapyndan döredilen çalt ereýän kofeniň ilkinji tanyşdyrylyşy guraldy.
1985-nji ýyl. Meşhur «Air Jordan» sport aýakgaplarynyň ilkinji nusgalary satuwa çykdy.
1976-njy ýyl. Niderlandlardan bolan futbolçy we tälimçi Klarens Zeedorf doguldy.
1983-nji ýyl. Russiýaly aýdymçy, aktýor we teleýaýlym alyp baryjysy Sergeý Lazarew dünýä indi.
1995-nji ýyl: «ORT» ady bilen tanalýan Russiýanyň Jemgyýetçilik telewideniýesi, häzirki «Birinji kanal» ýaýlyma çykyp başlady.