1-nji awgust: Gyzykly maglumatlar

MilliInfo

2 sagat öň

1-nji awgust: Gyzykly maglumatlar

Bu gün dünýäde Bütindünýä Internet torunyň güni (World Wide Web Day) baýram edilýär. Emma munuň resmi sene däldigini bellemek gerek. Elbetde, awgustda Internetiň taryhynda uly öwrülişik bolup geçipdi. Emma ol 1-nji awgustda bolmandy 1991-nji ýylyň 6-njy awgustynda iňlis alymy Tim Berners-Li ilkinji web-saýty we brauzeri köpçülikleýin ulanmak üçin elýeterli etdi.

1774-nji ýyl. Iňlis alymy Jozef Pristli tarapyndan kislorod himiki elementi açyldy.

1780-nji ýyl. Şwesiýa özüniň hemişelik bitaraplygyny yglan etdi.

1900-nji ýyl. Germaniýanyň bäş gezek çempiony, 1975-nji we 1979-njy ýyllarda UEFA kubogynyň eýesi bolan «Borussiýa Mýonhengladbah» futbol kluby döredildi.

1981-nji ýyl. «MTV» (Music Television) telekanaly ýaýlyma başlady. ABŞ-da açylan bu ilkinji aýdym-saz kanalynda görkezilen ilkinji wideoklip «The Buggles» toparynyň «Video Killed the Radio Star» aýdymy boldy. Bu waka dünýä şou-biznesinde täze döwri açdy.

2010-njy ýyl. Gara deňizde suwasty derýa tapyldy.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info