Şu gün dünýäde Çagalary goramagyň halkara güni bellenilýär.
1831-nji ýyl. Iňlis barlagçysy Jon Ross demirgazyk magnit polýusyny açdy.
1862-nji ýyl. ABŞ-nyň bütin çäginde gulçulyk gadagan edildi.
1869-njy ýyl. Amerikan oýlap tapyjysy Tomas Alwa Edison ses bermegi hasaba alýan ilkinji elektrik enjamy üçin patent aldy.
1935-nji ýyl. Angliýada sürüjilik şahadatnamasyny almak üçin synaglar we awtomobil belgileri girizildi.
1939-njy ýyl. Türkmenistanyň halk artisti, kinorežisýor Halmämmet Kakabaýew dünýä indi. Onuň «Taýharly oglan», «Ynha, kakam gaýdyp geler», «Ogul», «Toba» atly çeper filmleri daşary ýurt kinofestiwallaryna gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp boldy.
1965-nji ýyl. Ýazyjy Mihail Şolohowa edebiýat boýunça Nobel baýragy berildi.