1-nji mart: Gyzykly maglumatlar

MilliInfo

2 sagat öň

1780-nji ýyl. Pensilwaniýa gulçulygy gadagan eden ilkinji amerikan ştaty boldy.

1869-njy ýyl. Dmitriý Mendeleýew himiki elementleriň periodiki tablisasynyň ilkinji nusgasyny düzdi.

1872-nji ýyl. Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda dünýäde ilkinji milli seýilgäh bolan Ýelloustoun döredildi.

1912-nji ýyl. Sent-Luisde kapitan Albert Berri uçup barýan uçardan ilkinji paraşýutly böküşi amala aşyran şahsyýet hökmünde taryha girdi.

1940-njy ýyl. Aşgabat şäherinde ajaýyp şygyrlary bilen halkymyzyň kalbynda ebedi orun beýik türkmen şahyry, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gurbannazar Ezizow dünýä indi.

1994-nji ýyl. Şu gün Jastin Biber 32 ýaşyny doldurýar. Aýdymçy, sazanda hem aktýor hökmünde uly meşhurlyk gazanan Biber Kanadanyň Ontario ştatynyň London şäherinde dogulýar.

Her ýylyň 1-nji martynda Halkara immunitet güni bellenip geçilýär. Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) başlangyjy bilen 2002-nji ýyldan bäri bellenilip gelinýän bu sene öz saglygyň barada oýlanmak üçin özboluşly sebäp hasaplanylýar.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info