1-nji maý: Gyzykly maglumatlar

MilliInfo

2 sagat öň

Her ýylyň 1-nji maýynda Halkara zähmetkeşleriň raýdaşlygy güni bellenilýär. SSSR döwründe uludan bellenip geçilen Bahar we zähmet baýramy hem gözbaşyny şol seneden alyp, ol zähmetiň sarpasyny we baharyň janly ruhuny utgaşdyrýan möhüm waka bolupdy.

1851-nji ýyl. Londonyň Hrustal köşgünde tehnikanyň we medeniýetiň gazananlaryna bagyşlanan ilkinji bütindünýä sergisi açyldy.

1884-nji ýyl. Çikagoda dünýäde ilkinji köp gatly binanyň — 10 gatly jaýyň gurluşygy başlandy.

1885-nji ýyl. Ottawada ilkinji gezek köçeleri yşyklandyrýan elektrik çyralary ýakyldy.

1899-njy ýyl. «Aspirin» ilkinji gezek satuwa çykaryldy.

1924-nji ýyl. Harkowda ilkinji sowet zynjyrly traktory bolan «Fordzon-Putilowes» («Фордзон-Путиловец») tapgyrynyň «Kommunar» görnüşi öndürildi.

1984-nji ýyl. «Nindzýa pyşbagalary» baradaky komiksiň ilkinji sany çykaryldy.

1987-nji ýyl. Italiýaly futbolçy, Ýewropanyň çempiony Leonardo Bonuççi dünýä indi.

2000-nji ýyl. Režissýor Ridli Skottyň «Gladiator» filminiň premýerasy boldy. Filmdäki baş rollary Rassel Krou, Hoakin Feniks we Konni Nilsen ýerine ýetirdiler. 2001-nji ýylda bu film 5 ugur boýunça «Oskar» baýragyna, şol sanda «Iň oňat film» derejesine mynasyp boldy.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info