Ýene sanlyja günden — 1-nji sentýabrda ýurdumyzyň ähli bilim edaralarynda 2025 — 2026-njy täze okuw ýylynyň başlanýandygyny alamatlandyrýan ilkinji jaň sesleri belentden ýaňlanar. Ilkinji okuw gününde ajaýyp sowgat hökmünde Aşgabat şäherinde Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersiteti, Mary şäherinde Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň täze goşmaça okuw binasy hem-de umumy ýaşaýyş jaýy, onlarça täze orta mekdepler we çagalar baglary dabaraly açylar.
Ähli bilim edaralarynda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly şygar astynda dabaraly baýramçylyk nyzamlar we hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän giň gerimli işleriniň many-mazmunyna bagyşlanan ilkinji okuw sagatlary geçiriler.
Täze okuw ýylynda 1-nji synpa gadam basjak okuwçylara hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň adyndan milli önüm bolan «Bilimli» atly kompýuter sowgat berler. Bu dabaralar ýatdan çykmajak ýakymly duýgulary paýlar hem-de ýurdumyzyň milli bilim ulgamynda ägirt uly üstünlikleriň gazanylandygyny alamatlandyrýan wakalar hökmünde taryha girer.




