Ertir — 1-nji sentýabrda ýurdumyzda täze bilim edaralarynyň açylyş dabaralary guralar. Bu barada Wise-premýer B.Mämmedowyň Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 28-nji awgustda geçirilen mejlisinde beren hasabatynda beýan edildi.
Şunlukda, Aşgabat şäherinde Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň 5 müň orunlyk binalar toplumynyň, Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň 5 müň orunlyk binalar toplumynyň açylyş dabaralary geçiriler. Bilimler baýramynda Ahal welaýatynda 960 orunlyk orta mekdebi, 320 orunlyk çagalar bagyny, Daşoguz welaýatynda 240 orunlyk çagalar bagyny, Lebap welaýatynda 1 müň orunlyk 2 sany orta mekdebi dabaraly ýagdaýda açmak meýilleşdirilýär.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli çäreleri ýokary derejede guramaçylykly geçirmegiň möhümdigini belledi. Hormatly Prezidentimiz wise-premýere täze okuw ýylynyň başlanmagy bilen, 1-nji synpa kabul edilýän mekdep okuwçylaryna döwrebap kompýuterleri sowgat bermäge taýýarlyk görmegi tabşyrdy.
