404-nji ýyl. Rim imperiýasynyň gladiatorlyk söweşleriniň iň soňky güni hökmünde bellige alyndy.

1700-nji ýyl. Russiýada Ýulian senenamasyna geçildi.

1911-nji ýyl. Türkmenistanyň halk artisti, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň eýesi Daňatar Öwezow doguldy. Onuň A.Şapoşnikow bilen bilelikde ýazan «Şasenem-Garyp», «Aýna», «Gül-Bilbil», Ý.Meýtus bilen döreden «Leýli-Mejnun» operalary, ençeme aýdymlary, romanlary, hor eserleri milli aýdym-saz mirasymyzyň aýrylmaz bölegidir. Ol ýurdumyzda ilkinjileriň biri bolup üflenip çalynýan saz gurallary orkestri üçin «Pyýala», «Sen-sen», «Bibijan», «Bady saba», «Daş galdy» we beýleki meşhur sazlary täzeden işledi.

1913-nji ýyl. Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň eýesi, taryhçy alym Gylyç Kulyýew dünýä indi. Ol türkmen edebiýatynda ebedi orun alan eserleriň, täsirli komediýalaryň birnäçesiniň awtorydyr.

1915-nji ýyl. Akademik Pygam Azymow doguldy. Onuň «Türkmen dilinde arap-pars elementleri», «Türkmen diliniň sözlük (leksiki) düzümi», «Häzirki zaman türkmen dili (Giriș we leksika)» ýaly ișleri hem dil biliminiň ösüșinde taryhy ähmiýete eýedir. P.Azymow 1989-njy ýylda neșir edilen «Türkmen diliniň orfografik sözlügini» düzüjileriň biridir.

1938-nji ýyl. Zehinli türkmen şahyry Italmaz Akmyradow dünýä indi. Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynda daýhan maşgalasynda doglan şahyr «Daglar», «Dutar», «Näzik hesretler», «Behişt ýaly ýürek» kitaplary bilen okyjylaryň söýgüsine eýe boldy.

1948-nji ýyl. Türkmenistanyň Gahrymany, Hormatly il ýaşulysy, Türkmenistanyň halk nakgaşy, heýkeltaraş Saragt Babaýew doguldy.

1999-njy ýyl. Ýewropanyň 11 ýurdunda — Awstriýada, Belgiýada, Germaniýada, Irlandiýada, Ispaniýada, Italiýada, Niderlandlarda, Lýuksemburgda, Finlýandiýada, Fransiýada hem-de Portugaliýada ýeke-täk ýewropa walýutasynyň — ýewronyň nagt däl dolanşygy girizildi.

2008-nji ýyl. Ýurdumyzda «Bereketli toprak» gazeti çap edilip başlandy.
