Her ýylyň 10-njy aprelinde dünýäde doganlar we uýalar güni bellenip geçilýär.
1790-njy ýyl. Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda oýlap tapyş üçin ilkinji patent hasaba alyndy.
1815-nji ýyl. Indoneziýada taryhyň iň iri wulkanlarynyň biri bolan Tambora wulkanynyň atylmasy bolup geçdi.
1849-njy ýyl. Amerikaly Uolter Hant howpsuz iňňe bagjygy patentleşdirdi.
1912-nji ýyl. «Titanik» gämisi Sautgempton portundan özüniň ilkinji we iň soňky gatnawy üçin ýola düşdi.
1952-nji ýyl. Amerikan aktýory Stiwen Sigal dünýä indi.
2019-njy ýyl. «Görünmeýän» kosmos jisiminiň — gara boşlugyň ilkinji suraty peýda boldy. Ýewropaly alymlar Ýerden, takmynan, 50 million ýagtylyk ýyly uzaklygyndaky «Messier 87» galaktikasynda ýerleşýän örän uly göwrümli «boşlugy» surata düşürmegi başardylar.