10-njy fewral: Gyzykly maglumatlar

MilliInfo

10 Fewral, 2026

1784-nji ýyl. Ýekaterina II-niň permanyna laýyklykda, Krymdaky port we gala Sewastopol diýlip atlandyryldy.

1837-nji ýyl. Aleksandr Sergeýewiç Puşkin aradan çykdy.

1890-njy ýyl. Rus sowet ýazyjysy, şahyr, terjimeçi hem-de Nobel baýragynyň eýesi Boris Posternak dünýä indi.  

1931-nji ýyl. Nýu-Deli şäheri resmi taýdan Hindistanyň paýtagty diýlip yglan edildi.

1937-nji ýyl. Hojambaz etrabynyň Mekan obasynda çagalar üçin ençeme goşgulary döreden türkmen şahyry Gurban Çöliýew doguldy. Onuň «Harplaryň maslahaty», «Kitaply gyz» «Jeren bilen Bahar», «Boýçy», «Uzakdaky ýyldyzlar», «Bagt näme?», «Aý çagalary», «Garagumly oglan» ýaly eserleri we beýleki ýygyndylary çagalar edebiýatynda özboluşly orny eýeleýär.

1940-njy ýyl. «Tom we Jerri» multfilminiň ilkinji seriýasy ekrana çykdy.

1957-nji ýyl. Sudanda Afrikanyň milletleriniň Kubogy — yklymyň futbol konfederasiýalary tarapyndan geçirilýän ýygyndy toparlaryň arasyndaky birinji futbol çempionaty başlandy.

1996-njy ýyl. «IBM Deep Blue» superkompýuteri bilen Garri Kasparowyň arasynda ilkinji küşt duşuşygy başlandy. Bu oýun 4-2 hasabynda Kasparowyň peýdasyna tamamlandy.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info