1863-nji ýyl. Londonda dünýäde ilkinji metropoliten ugry işe girizildi.
1883-nji ýyl. Russiýanyň Samara guberniýasynyň Nikolaýewsk şäherinde rus ýazyjysy Alekseý Nikolaýewiç Tolstoý doguldy.
1905-nji ýyl. Dokmaçy maşgalasynda Aýbek dünýä indi. Aýbek bu meşhur özbek ýazyjysy Musa Taşmuhammedowyň edebi lakamydyr. Aýbegiň Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda ýazan iň uly eseri «Nowaýy» romanydyr. Uruşdan soňky ýyllarda bolsa onuň «Altyn jülgäniň şemaly», «Yşygyň gözleginde», «Gün tutulmaz» romanlary, «Çagalyk» powesti okyjylara ýetirildi.
1946-njy ýyl. Beýik Britaniýanyň paýtagtynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň birinji mejlisi geçirildi.
1971-nji ýyl. Koko Şanel ady bilen tanalyp, rowaýata öwrülen Gabriel Şanel 87 ýaşynda Parižiň «Ris» myhmanhanasynda aradan çykdy.
1975-nji ýyl. «Näme? Nirede? Haçan?» («Что? Где? Когда?») telegepleşigi ilkinji gezek efire çykdy.
2001-nji ýyl. «Wikipediýa» ilkinji gezek peýda boldy.