Woleýbol: 10 topar Türkmenistanyň açyk birinjiligi ugrundaky ýaryşa başlaýar

MilliInfo

19 sagat öň

10 — 20-nji ýanwar aralygynda paýtagtymyzda woleýbol boýunça Türkmenistanyň açyk birinjiligi geçiriler. Watan goragçylarynyň gününe bagyşlanan giň gerimli sport bäsleşigini Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sport toplumy kabul eder.

Kubok ugrundaky bäsleşikde ýurdumyzyň iň güýçli 10 kluby özara güýç synanşar. Olar iki toparça bölündi:

«A» topary: «Nebitçi», «Binagär», «Talyp sporty», «Serhetçi», «Maliýeçi».

«B» topary: «Gala», «Galkynyş», «Ýüpek ýoly», «Migrasiýa», «Milli Goşun».

Guramaçylar ähli sport muşdaklaryny gyzykly geçjek duşuşyklara tomaşa etmäge çagyrýarlar. Giriş tölegsiz.

Şu günki ilkinji oýunlaryň tertibi (10-njy ýanwar):

  • 16:00. «Talyp sporty» — «Serhetçi»;

  • 18:00. «Binagar» — «Maliýeçi».

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info