102 ýaşyny arka atan ýaşuly Fudziýama belentligine çykdy we Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

MilliInfo

22 Awgust, 2025

Ýaponiýanyň 102 ýaşly raýaty Kokiti Akuzawa Fudziýama dagynyň depesine çykyp, bu beýiklige çykan iň ýaşuly adam boldy.

Adatça, bu daga çykmak üçin, takmynan alty sagat wagt gerek, Kokiti Akuzawa üçin bolsa nobatdaky syýahat üç güne çekdi. Ýylyň başynda onuň ýüreginde ýetmezçiligiň bardygy ýüze çykarylypdy. Onuň iki gezek dagdaky külbelerde düşläp, säher bilen ýene ýoluny dowam etdirendigi Ginnesiň Rekordlar kitabynyň saýtynda habar berilýär.

Akuzawanyň aýtmagyna görä, bu gezek daga çykmak gaty kyn bolupdyr we öňki syýahatlaryndan düýpgöter tapawutlanypdyr.

— Men belentlige ýetendigime haýran galdym. Bu ýere ýakynlarymyň kömegi bolmazdan, ýetip bilmezdim. Häzir men hemmelerden gaty hoşaldyryn — diýip, ýapon ýaşulusy gürrüň berdi.

Fudzi belentligi deňiz derejesinden 3776 metr beýikde ýerleşýär. Akuzawa bu depä 96 ýaşyndaka hem çykypdy. Mundan başga-da, ol Gunma alpinistler klubunyň hormatly ýolbaşçysy bolup, her gün dagda ýöriş edýär. 2022-nji ýylda bolsa 99 ýaşynyň hormatyna beýikligi 1272 metr bolan Nabewarýama dagynyň depesine çykypdy.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo