1755-nji ýyl. Meşhur iňlis lukmany, hirurg, geolog, paleontolog we syýasy işgär Jeýms Parkinson dünýä indi. Ol lukmançylygyň taryhyna ilkinji gezek soňra öz ady bilen atlandyrylan Parkinson keseliniň alamatlaryny beýan eden alym hökmünde girdi.
1899-njy ýyl. Ispaniýa Puerto-Riko adasyny Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna berdi.
1921-nji ýyl. Taryhda ilkinji gezek radioda göni sport goýberlişi bellige alyndy. Ol boks tutluşygy boldy.
1919-njy ýyl. Milletler Ligasynyň, ýagny häzirki Birleşen Milletler Guramasynyň ýanynda Halkara Zähmet Guramasy döredildi. Onuň maksady zähmet ulgamynda halkara düzgünleşdiriş işlerini amala aşyrmakdan we durmuş adalatlylygy ýörelgelerini öňe sürmekden ybaratdyr.
1908-nji ýyl. Ýapon inženeri we telekeçisi Masaru Ibuka dünýä indi. «Sony» korporasiýasyny esaslandyryjylaryň biri bolan şahsyýet çagalaryň irki ösüşi baradaky meşhur «Üçden soň giç» atly meşhur kitabyň awtorydyr. Bu kitaby ussat terjimeçi hem şahyr Orazmyrat Myradow türkmen diline terjime etdi.
2017-nji ýyl. «Microsoft» kompaniýasy «Windows Vista» operasion ulgamynyň tehniki goldawyny bes etdi. Şol gün bu ulgamyň goýberilenine 10 ýyl bolupdy.