11-nji awgustdan başlap Aşgabat — Türkmenbaşy — Aşgabat ugry boýunça yzygiderli howa gatnawlaryny täzeden dikeldiler. Bu «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň içerki gatnawlarynyň täzelenen tertibinde görkezilýär.
Ýeri gelende bellesek, häzir awiakompaniýanyň Aşgabatdan we welaýatlardan ýola düşýän uçarlary Balkanabadyň Halkara howa menziline gelip gonýar.
Şunlukda, awgustyň ikinji ongünlüginden Aşgabat we Türkmenbaşy şäherleriniň aralygynda her gün yzygiderli howa gatnawlary amala aşyrylar. T5-241 we T5-247 belgili gatnawlar Aşgabatdan degişlilikde, sagat 06:20 we 18:20-de ýola düşer we bary-ýogy bir sagadyň dowamynda Türkmenbaşy şäherine barar.
Galyberse-de, 11-nji awgustdan 1-nji sentýabra çenli goşmaça uçar gatnawlary ýola goýlar. T5-245 belgili gatnaw her gün sagat 10:40-da, T5-249 bolsa duşenbe, sişenbe, çarşenbe, anna, şenbe we ýekşenbe günleri sagat 22:05-de, T5-243 penşenbe güni sagat 22:40-da uçuşlary amala aşyrar.
Türkmenbaşydan Aşgabada tarap guraljak uçuşlar hem şeýle tertipde bolar. T5-242 we T5-248 belgili gündelik gatnawlar sagat 08:30-da we 20:30-da amala aşyrylar. Goşmaça tomusky uçarlardan T5-246 sagat 12:40-da, T5-250 we T5-244 belgili gatnawlar bolsa hepdäniň günlerine baglylykda, ýarygije guralar.
«Türkmenistan» awiakompaniýasynyň ýurduň beýleki iri şäherlerine – Daşoguz, Türkmenabat, Mary, Balkanabat we Kerki ugurlary boýunça hem yzygiderli içerki gatnawlaryny dowam etdirýändigini ýatladýarys.

