11-nji fewral: Gyzykly maglumatlar

MilliInfo

11 Fewral, 2026

1809-njy ýyl. Ilkinji bug gämisi üçin patent alyndy.

1922-nji ýyl. Dünýäde ilkinji gezek insuliniň sanjymy edildi.

1929-njy ýyl. Watikan özbaşdak döwlet boldy.

1941-nji ýyl. Russiýanyň Krasnodar ülkesiniň Kuban şäherinde ýaşaýan goşun serkerdesiniň maşgalasynda Ýuriý Polikarpowiç Kuznesow dogulýar. Ol diňe bir beýik şahyr däl, eýsem, ussat terjimeçi hökmünde hem giňden tanalýar. Şahyr Türkmenistana iki gezek geldi. Ol Mary we Lebap welaýatlarynda bolup, okyjylar bilen duşuşdy. Ýuriý Kuznesow türkmen şahyrlarynyň goşgularyny rus diline terjime etdi.

1980-nji ýyl. «Moskwa göz ýaşlara ynanmaýar» (Москва слезам не верит) filminiň ilkinji görkezilişi boldy.

1991-nji ýyl. Wekilçiligi bolmadyk milletleriň we halklaryň guramasy esaslandyryldy.

2016-njy ýyl. Ylmy tejribe arkaly grawitasiýa tolkunlary açyldy.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info