11-nji maý: Gyzykly maglumatlar

MilliInfo

6 sagat öň

868-nji ýyl. Hytaýly monah Wan Sze «Almaz sutrasyny» taýýarlady. Sanskrit dilinde ýazylan bu eser biziň günlerimize çenli saklanyp galan we senesi anyk görkezilen dünýädäki iň gadymy çap edilen resminamadyr.

1928-nji ýyl. Nýu-Ýorkda dünýäde ilkinji gezek telegepleşikleriň yzygiderli ýaýlyma goýberilişi başlandy.

1946-njy ýyl. Türkmenistanyň halk artisti, kompozitor Baýramdurdy Hudaýnazarow doguldy.

1981-nji ýyl. Londonda Endrýu Loýd Webberiň «Pişikler» (Cats) mýuzikliniň ilkinji görkezilişi (premerasy) boldy.

1985-nji ýyl. Madonnanyň «Crazy For You» («Vision Quest» kinofilmiinden) atly aýdymy ABŞ-da birinji orny eýeledi.

1997-nji ýyl. Küşt boýunça dünýä çempiony Garri Kasparow IBM kompaniýasynyň «Deep Blue» kompýuteri bilen bolan oýunda ýeňlişini boýun aldy.

2000-nji ýyl. Hindistanda bu döwletiň milliardynjy ýaşaýjysy bolan Asta Arora dünýä indi.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info