1903-nji ýyl. Londonda dünýäde ilkinji gezek içinden ot alýan dwigatelli şäher awtobusy ulanyşa goýberildi.
1937-nji ýyl. F.Uittliň gaz turbinaly reaktiw dwigateliniň ilkinji synaglary geçirildi.
1961-nji ýyl. SSSR-iň raýaty Ýuriý Gagarin «Wostok-1» kosmos gämisinde älem giňişligine uçan ilkinji ynsan hökmünde bellige alyndy.
1984-nji ýyl. Russiýaly teatr, kino we dublýaž aktýory Andreý Gaýdulýan dünýä indi.
1985-nji ýyl. Gorkiý awtomobil zawodynyň konweýerinden «Wolga GAZ-24» awtoulagynyň millionynjy nusgasy çykdy.
1988-nji ýyl. ABŞ-nyň Patentler we söwda markalary býurosy gen inženeriýasynyň kömegi bilen ilkinji gezek kämilleşdirilen jandara, ýagny laboratoriýa syçanjygyna patent berdi.
1993-nji ýyl. Ýurdumyzda täze elipbiý — 30 harpdan ybarat bolan türkmen milli elipbiýi kabul edildi we durmuşa ornaşdyryldy.
Şu gün ynsanyň älem giňişligine uçmagynyň halkara güni — Kosmonawtika güni bellenip geçilýär.