12-nji iýun: Gyzykly maglumatlar

MilliInfo

3 sagat öň

12-nji iýun: Gyzykly maglumatlar

1664-nji ýyl. Demirgazyk Amerikadaky Täze Amsterdam şäheriniň ady Nýu-Ýork diýlip üýtgedildi.

1849-njy ýyl. Lýuis Haslett tarapyndan gaza garşy örtük patentleşdirildi.

1920-nji ýyl. Panama kanalynyň resmi açylyşy boldy. Ilkinji gämi bu kanaldan açylyşdan öň, ýagny 1914-nji ýylyň awgustynda geçipdi.

1931-nji ýyl. Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň «Polusoltan» (häzirki «Zaman») geňeşliginde türkmen edebiýatynda özboluşly yz galdyran ýazyjy Nury Altyýew doguldy.

1936-njy ýyl. Amerikanyň ilkinji gysga tolkunly radiostansiýasy işe başlady (Pitsburg, Pensilwaniýa).

1986-njy ýyl. Ispaniýanyň La-Korunýa şäherinde belli ispan aktýory, režissýory we senariýeçisi Mario Kasas Sýerra dünýä indi.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info