1628-nji ýyl. Parižde belli ýazyjy Şarl Perro dünýä indi. Ol «Gyzyl şyrdakly gyzjagaz», «Külbikejik», «Ukudaky perizat», «Ädikli pişik» ýaly birnäçe ertekileri miras galdyran ýazyjydyr.
1820-nji ýyl. Astronomik barlaglary goldamak üçin Londonyň Astronomiýa jemgyýeti esaslandyryldy.
1876-njy ýyl. Amerikanyň San-Fransisko şäherinde mülkdar maşgalasynda meşhur Jek London doguldy.
1936-njy ýyl. «Lokomotiw» meýletin sport jemgyýeti açyldy.
1949-njy ýyl. Ýaponiýanyň Kioto şäherinde Haruki Murakami dünýä inýär. Ol «Diňle, şemal nähili aýdym aýdýar», «Pinbol 1973» we «Goýun awy», «Norwegiýa tokaýy», «Tow berilýän guşuň habarlary» atly eserleriň awtorydyr.