1781-nji ýyl. Uran planetasy açyldy.
1869-njy ýyl. Himik Dmitriý Mendeleýew elementleriň periodik tablisasyny düzüp gutardy.
1921-nji ýyl. Mongoliýa öz garaşsyzlygyny yglan etdi.
1930-njy ýyl. Ýer ýüzi Pluton planetasy barada bildi. Amerikan astronomy Klaýd Tombo Gün ulgamynyň dokuzynjy planetasyny açandygyny mälim etdi.
1961-nji ýyl. 79 ýaşly belli suratkeş Pablo Pikasso 37 ýaşly model Žaklin Rok bilen durmuş gurdy.
1979-njy ýyl. Ýewropanyň pul ulgamy güýje girdi.
1988-nji ýyl. Dünýäniň iň uzyn suwasty geçelgesi bolan Seýkan ulanmaga berildi. Onuň uzynlygy 53,85 kilometr bolup, geçelge Honsýu we Hokkaýdo adalaryny birleşdirýär.
1989-njy ýyl. Häzirki wagtda Internet hökmünde has giňden tanalýan «Bütindünýä kerebi» — «World Wide Web», ýagny «WWW» oýlanyp tapyldy.
2013-nji ýyl. Fransisk 266-njy Rim Papasy hökmünde saýlandy.