1871-nji ýyl. Watikan Italiýa Patyşalygynyň düzümine girizildi, Papanyň özygtyýarlylygy bolsa Watikan köşkleri, Rimdäki Lateran ybadathanasy we Rim Papasynyň şäher daşyndaky rezidensiýasy bilen çäklendirildi.
1888-nji ýyl. Braziliýada gulçulygy doly we gutarnykly ýatyrmak hakyndaky «Altyn kanun» kabul edildi.
1930-njy ýyl. «Tasman ýolbarsy» diýen at bilen tanalýan jandaryň — ýabany torbaly möjekleriň iň soňkusy awlanyldy.
1950-nji ýyl. Angliýanyň Silwerstoun şäherinde «Formula-1» boýunça ilkinji çempionatyň birinji ýaryşy geçirildi. Onuň ýeňijisi italýan asürüjisi Juzeppe Farina boldy. Ol möwsümiň netijeleri boýunça «Formula-1» ýaryşynyň ilkinji çempiony hökmünde bellige alyndy.
1958-nji ýyl. Şweýsariýaly inžener Georg de Mestral öz oýlap tapan «Velcro» atly ýelmeşýän iliginiň söwda markasyny hasaba aldyrdy. Bu önüm gyş eşiklerinde käbirinde ilikleriň hem-de syrmalaryň ornuny tutýar. «Velcro» iligiň gurluşyny takyk häsiýetlendirýär.
1986-njy ýyl. Şu gün britaniýaly aktýor Robert Pattinson 40 ýaşaýar.
1986-njy ýyl. Norweg-belarus aýdymçysy, skripkaçy, «Ýewrowideniýe-2009» bäsleşiginiň ýeňijisi Aleksandr Rybak dünýä indi.