Aly Geldiýew «Roland Garrosyň» ýetginjekleriň arasyndaky saýlama böleginde ýurdumyza wekilçilik eder

MilliInfo

7 Awgust, 2026

Aly Geldiýew «Roland Garrosyň» ýetginjekleriň arasyndaky saýlama böleginde ýurdumyza wekilçilik eder

Türkmenistanyň geljegi uly bolan ýaş tennisçileriniň biri Aly Geldiýew ilkinji gezek 17-22-nji awgust aralygynda Almatyda (Gazagystan) geçiriljek «Roland-Garros Junior Series by Renault Qualification for West and Central Asia» atly halkara ýaryşyna gatnaşar. Bu ýaryş Merkezi we Günbatar Aziýanyň tennisçileri üçin sebitleýin kwalifikasýa tapgyry bolar.

Ýaryşyň jemleri boýunça iň güýçli oýunçylar oktýabr aýynda Ýaponiýada geçiriljek «Roland-Garros Junior Series» ýaryşynyň final tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanarlar. Hut şol ýerde dünýä tennisiniň iň abraýly ýaryşlarynyň biri bolan 2027-nji ýylyň ýetginjekleriň arasyndaky «Roland Garros» bäsleşigine ýollanmalar ugrunda kortlara çykylar.

14 ýaşly türkmen türgeni Almatyda çykyş etmek hukugyny özüniň halkara we Aziýa reýtinginiň netijesinde gazandy, bu bolsa oňa abraýly ýaryşyň gatnaşyjylarynyň hataryna girmäge mümkinçilik berdi. Reýting esasynda çakylyk almagy Aly Geldiýewiň taýýarlyk derejesiniň ýokarydygynyň we halkara meýdançasyndaky durnukly netijeleriniň ýene bir subutnamasy boldy. Ýaşyna garamazdan, türkmen tennisçisi Aziýanyň iri ýaryşlarynda eýýäm özüni tanatmagy başardy.

Alynyň ilkinji uly halkara üstünligi 2024-nji ýylyň oktýabrynda Dohada (Katar) geçirilen ATF U14 atly 3-nji Aziýa ýetginjekler ýaryşy bilen baglydyr. Şonda 12 ýaşly türgen birbada iki ugurda — ýekelikde we Ýunus Annamyradow bilen jübütleýin görnüşde ýeňiji boldy. Alynyň çempionlyk ýoly saýlama bäsleşiklerinden başlandy, soňra bolsa esasy tapgyrda yzly-yzyna bäş ýeňiş gazanyp, karýerasynda ilkinji gezek ATF tapgyrynyň halkara ýaryşynyň ýeňijisi boldy.

2025-nji ýylda Aly Geldiýew Bahreýnde geçirilen «ITF World Junior U14» ýaryşynyň deslapky tapgyrynda Türkmenistanyň ýetginjekler ýygyndysynyň öňdebaryjylarynyň birine öwrüldi. Türkmen tennisçisi ýekelikdäki ähli duşuşyklarynda, şol sanda sebitiň iň güýçli oýunçylarynyň biri — siriýaly Muhamad Eýad Salimi hem ýeňmegi başardy. Alynyň ynamly oýny milli ýygyndymyza Türkmenistanyň bu ýaryşlar bilen bagly tennis taryhyndaky iň gowy netijäni görkezmegine ýardam etdi.

2025-nji ýylyň awgustynda Nantaburida (Taýland) geçirilen «Asian Tennis Federation (ATF) 14&Under» halkara ýaryşyndaky şowly çykyş hem ýene bir ajaýyp netijäniň bellige alynmagyna getirdi. 12 ýurduň iň güýçli ýaş tennisçileriniň gatnaşmagynda geçen bäsleşikde türkmen türgeni «altyn dubl» edip, ýekelikde we jübütleýin görnüşlerde çempionlyk derejelerini gazandy. Jübütleýin bäsleşikde ol Kerimgeldi Guldurdyýew bilen bilelikde çykyş etdi.

Şu möwsümde Aly ynamly ösüşi dowam etdirdi. 2026-njy ýylyň martynda ol Şri-Lankada geçirilen deslapky ýaryşda şowly çykyş edip, Türkmenistanyň ýetginjekler ýygyndysyna taryhda ilkinji gezek 16 ýaşa çenli oýunçylaryň arasyndaky «Junior Davis Cup» ýaryşynyň saýlama tapgyrynyň final bölegine çykmaga ýardam etdi.

Iki aýdan soň bolsa Aly Geldiýew erkekleriň arasynda Türkmenistanyň çempiony bolup, ýurdumyzyň tennis taryhyna adyny ebedi ýazdyrdy. 14 ýaşynda milli çempionlygy gazanmak bilen, ol ýurduň çempionatynyň taryhyndaky iň ýaş ýeňiji hökmünde rekord goýdy.

Aly uly tennise uzaýan ýoluny Türkmenabat şäherindäki 9-njy çagalar we ýetginjekler sport mekdebinde, Babamyrat Mammetrasulowyň ýolbaşçylygynda başlady. Häzirki wagtda bolsa geljegi uly türgen tejribeli tälimçiler Meýlis Orazmuhammedow bilen Ýuriý Rogusskiniň gollamagynda Aşgabatda kämilleşýär.

Almatyda geçiriljek ýaryş ýaş türkmen tennisçisi üçin ýene bir möhüm synag we dünýäniň iň abraýly ýetginjekler ýaryşy bolan «Roland Garrosda» çykyş etmäge tarap ädiljek uly ädim bolar. Gazagystandaky şowly çykyş Aly Geldiýewe Ýaponiýada geçiriljek «Roland-Garros Junior Series» final tapgyryna, şol ýerden bolsa 2027-nji ýylyň Fransiýanyň ýetginjekler arasyndaky açyk çempionatyna gatnaşmak ugrundaky göreşini dowam etdirmäge mümkinçilik berer.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info