14-nji aprel: Gyzykly maglumatlar

MilliInfo

5 sagat öň

1611-nji ýyl. «Teleskop» sözi ilkinji gezek ulanyldy. Bu söz şazada Federiko Çezi tarapyndan aýdyldy.

1912-nji ýyl. Sagat 23:40-da «Titanik» gämisi aýsberg bilen çaknyşdy. Bu bolsa onuň 15-nji apreliň säherinde suwa çümmeginiň düýp sebäbi boldy.

1913-nji ýyl. Mary welaýatynyň birinji Gökje obasynda ýaşaýan daýhan maşgalasynda Türkmenistanyň halk ýazyjysy, diplomat, taryhçy Gylyç Kulyýew dünýä indi.

1938-nji ýyl. Baýramaly şäherinde belli nakgaş Durdy Baýramow doguldy. 5000-den gowrak nakgaşlyk we grafika eserlerini döreden şahsyýet keşp, peýzaž, natýurmort we temalaýyn kompozisiýalar žanrlaryna aýratyn ähmiýet berýär.

1947-nji ýyl. Bäherden etrabynyň Kelete obasynda Türkmenistanyň halk artisti Akmyrat Çaryýew dünýä indi. Ol meşhur bagşy Sahy Jepbarowyň sazandasy, 60-dan gowrak aýdymy dörediji, ajaýyp dutarçy we ussat halypa hökmünde türkmen medeniýetiniň taryhyna ebedi girdi.

1956-njy ýyl. Çarlz Ginsberg, Çarlz Andersen we Reý Dolbi tarapyndan oýlanyp tapylan enjam — ilkinji wideomagnitofon köpçülige görkezildi.

1961-nji ýyl. «Ýewrowideniýe» we «Interwideniýe» ulgamlary arkaly Moskwadan Günbatar Ýewropa ýurtlarynyň paýtagtlaryna ilkinji gezek telewizion gepleşik ýaýlyma berildi.

1980-nji ýyl. Angliýada ilkinji söwda maksatly wideokasseta satuwa çykaryldy. Ol Garri Nýumanyň konserti ýazylan kasseta bolupdy.

1991-nji ýyl. Meşsur suratkeş Wan Gogyň muzeýinden umumy bahasy 500 million dollar bolan 20 sany surat eseri ýitirim boldy.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info