14-nji fewral: Gyzykly maglumatlar

MilliInfo

14 Fewral, 2026

842-nji ýyl. Fransuz diliniň doglan güni: Şol gün Lýudowik II nemes we Karl II Kel bolsa roman , ýagny gadymy fransuz dilinde Strasburg kasamlaryny edýärler.

1876-njy ýyl. Aleksandr Bell «elektrik tolkunlarynyň kömegi bilen sözleri we beýleki sesleri telegraf arkaly geçirmek üçin usul we apparat...» hakynda beýan edýän 174465 belgili Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň patentine arza tabşyrdy. Aslynda bu beýanda gürrüň telefon baradadyr.

1946-njy ýyl. ABŞ-da, hakykatdan hem, ieşleýän ilkinji elektron kompýuter bolan «ENIAC I» görkezildi. Bu waka «Kompýuterçiler gününiň» döremegine esas boldy.

1961-nji ýyl. Berkli şäherindäki Kaliforniýa uniwersitetinde ilkinji gezek 103-nji element — lourensiý sintezlendi.

1987-nji ýyl. Urugwaýly meşhur futbolçy Edinson Kawani dünýä indi.

2005-nji ýyl. Kaliforniýanyň (ABŞ) San-Bruno şäherinde telekeçiler Stiw Çen, Çad Hýorli we Jawed Karim tarapyndan dünýäniň iň meşhur wideohostingi bolan «YouTube» esaslandyryldy. Olar uly bolmazlygy talap edilýän maglumat göwrüminde ýazgynyň ýokary hilini üpjün edýän «Flash Video» tehnologiýasyny ulandylar.

2012-nji ýyldan bäri her ýylyň 14-nji fewralynda kitap sowgat berýänleri we adamlarda okamaga söýgi döredýänleri birleşdirýän Halkara kitap sowgat bermek güni bellenilip geçilýär.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info