14-nji iýul: Gyzykly maglumatlar

MilliInfo

1 sagat öň

14-nji iýul: Gyzykly maglumatlar

1865-nji ýyl. Iňlis-fransuz ekspedisiýasynyň agzasy Eduard Uimpir ilkinji gezek Alp daglaryndaky beýikligi 4478 metr bolan Matterhorn gerşine galdy. Bu taryhy üstünlik pajyga bilen jemlendi: yza gaýdylyp gelinýän wagty ekspedisiýanyň dört agzasy wepat boldy. Diňe Taugwalderleriň maşgalasyndan iki adam — kaka we ogul hem-de Eduard Uimpir aman galmagy başardy.

1867-nji ýyl. Alfred Nobel Beýik Britaniýanyň Sýurreý graflygyndaky Redhill käninde dünýäde ilkinji gezek dinamitiň görkezilişini geçirdi.

1941-nji ýyl. Meşhur «Katýuşa» harby guraly ilkinji gezek ulanyldy.

1946-nji ýyl. Doktor Benjamin Spokuň bütin dünýäde meşhurlyk gazanan «Çaganyň idegi we ony terbiýelemek» atly kitabynyň ilkinji neşiri çapdan çykdy.

1951-nji ýyl. «Skuderiýa Ferrari» topary «Formula-1» tapgyrynyň çäginde özüniň ilkinji ýeňşini gazandy.

1952-nji ýyl. Amerikanyň «General Motors» kompaniýasy dünýäde ilkinji gezek awtomobillerde kondisionerleri gurnap başlamagy meýilleşdirýändigini yglan etdi.

1964-nji ýyl. Rowaýaty aýdymçy we aktýor Adriano Çelentano aktrisa Klaudiýa Mori bilen durmuş gurdy.

1967-nji ýyl. Bütindünýä intellektual eýeçilik guramasyny (WIPO) döretmek hakyndaky Konwensiýa gol çekildi.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info