25-nji sentýabrda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnama bermek meselesi barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň dünýäde parahatçylygyň, dost-doganlygyň we agzybirligiň ýurdy hökmünde tanalýandygy bellenildi.
Bellenilşi ýaly, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi we ýurdumyzyň ygtyýarly döwlet edaralary tarapyndan Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnamanyň berilmegi baradaky şahsy ýüztutmalary hasaba alnan 142 adama Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnamanyň berilmegi boýunça degişli işler geçirildi. Olar dünýäniň 7 döwletiniň raýatlary we 15 milletiň wekilleri bolup durýarlar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň garamagyna Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli daşary ýurt raýatlaryna Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnamanyň berilmegi bilen bagly resminamanyň taslamasy hödürlenildi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, döwletimizde adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak babatda netijeli işleriň durmuşa geçirilýändigini belledi we 142 adama Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnama bermek hakynda Karara gol çekdi.

