Golaýlap gelýän ajaýyp baýram — Hytaý Täze ýyly mynasybetli Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy 15—23-nji fewral aralygynda ilçihananyň konsullyk bölüminiň resminamalary resmileşdirmek boýunça arzalary wagtlaýyn kabul etmeýändigi habar berildi.
Ilçihananyň Instagram sahypasynda berlen habarda aýdylyşy ýaly, diplomatik wekiliýet şunuň bilen bagly ýüze çykyp biljek oňaýsyzlyklar üçin ötünç soraýar.
Şol sebäpden hem, degişli arzalary baýramçylyk dabaralarynyň bellenýän günlerinden öň ýa-da soň tabşyryp bilersiňiz.