1452-nji ýyl. Beýik italýan suratkeşi, alymy we oýlap tapyjysy Leonardo da Winçi doguldy.
1877-nji ýyl. Italiýaly oýlap tapyjy Enriko Forlanini dikuçaryň prototipini, ýagny wertolýotyň ilkinji nusgasyny uçurdy.
1878-nji ýyl. Gijduwan şäheriniň golaýyndaky Sakdere obasynda täjik sowet edebiýatynyň düýbüni tutujy hem-de özbek sowet edebiýatynyň binýadyny goýujylaryň biri hasaplanylýan Sadreddin Aýny dünýä indi.
1891-nji ýyl. Amerikaly oýlap tapyjy Tomas Edison özüniň kinetoskopyny — hereketli şekilleri görkezýän enjamyny köpçülige hödürledi.
1896-njy ýyl. Afinada Antiki döwürden bäri ilkinji gezek gaýtadan dikeldilen Olimpiýa oýunlary tamamlandy.
1927-nji ýyl. Häzirki Ruhabat etrabynyň Gyzyl sakal obasynda Türkmenistanyň halk ýazyjysy Berdinazar Hudaýnazarow dünýä indi.
1935-nji ýyl. Rerih paktyna gol çekildi — bu medeni gymmatlyklary goramak baradaky ilkinji halkara şertnamadyr. Bu möhüm wakanyň hormatyna her ýylyň 15-nji aprelinde Halkara medeniýet güni bellenilip geçilýär.
1951-nji ýyl. Londonda birinji «Dünýä gözeli» bäsleşigi geçirildi.
1955-nji ýyl. Reý Krok atly şahsyýet Illinoýs ştatynyň Dez-Plenz şäherinde ilkinji «Makdonalds» restoranyny açdy.