15-nji iýul: Gyzykly maglumatlar

MilliInfo

3 sagat öň

15-nji iýul: Gyzykly maglumatlar

1783-nji ýyl. Fransiýanyň Lion şäheriniň golaýyndaky Sona derýasynda özbaşdak kämilleşen inžener Klod de Žoffrua d’Abban tarapyndan taryhda ilkinji bugly gämi (parohod) synag edildi.

1799-njy ýyl. Müsürde Rozetta daşy tapyldy. Bu tapyndy gadymy Müsür iýerogliflerini okamakda we gadymy siwilizasiýalaryň taryhyna düşünmekde iň uly açyş boldy.

1852-nji ýyl. Lew Tolstoý Kawkazdan «Sowremennik» žurnalynyň redaktory N.A.Nekrasowa özüniň ilkinji eserini — «Çagalyk» powestini iberdi.

1869-njy ýyl. Parižde Ippolit Meže-Murýe atly şahsyýet tarapyndan harby-deňiz floty üçin margarin patentlendi.

1916-njy ýyl. Amerikan inženeri Uilýam Boing «Pacific Aero Products» kompaniýasyny esaslandyrdy. Birnäçe aýdan soň bu kärhananyň ady «Boeing Airplane» diýlip üýtgedildi.

2006-njy ýyl. «Twitter» mikrobloging hyzmaty esaslandyryldy.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info