15-nji iýun: Gyzykly maglumatlar

MilliInfo

17 sagat öň

15-nji iýun: Gyzykly maglumatlar

1752-nji ýyl. Benjamin Franklin batbörek bilen geçiren tejribesinde ýyldyrym çakmagynyň elektrik tebigatyny subut etdi.

1844-nji ýyl. Çarlz Gudir reziniň wulkanizasiýa usulyny patentleşdirdi.

1851-nji ýyl. Süýtçi Jekob Fussel Baltimorda (ABŞ, Merilend ştaty) dünýäde ilkinji doňdurma öndürýän kärhanany esaslandyrdy.

1867-nji ýyl. Indianapolisiň (ABŞ) lukmany Jon Bobbs tarapyndan taryhda ilkinji gezek öt haltasyndaky daşy aýyrmak boýunça şowly operasiýa geçirildi.

 1904-nji ýyl. Germaniýanyň «Baýer» (Laywerhuzen) futbol kluby esaslandyryldy.

1911-nji ýyl. Magtymguly etrabynyň Daýna obasynda daýhan maşgalasynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ilkinji prezidenti, akademik Tagan Berdiýew dünýä indi.

1924-nji ýyl. «Ford» kompaniýasy 10 millionynjy awtomobilini öndürdi.

1929-njy ýyl. Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabynyň Mekan obasynda şahyr Allaberdi Haýydow dünýä indi. Ol 40-dan gowrak kitabyň we ajaýyp terjimeleriň awtorydyr. Onuň sözlerine döredilen «Ýyllar ýatyr aramyzda» aýdymy bolsa halkymyzyň ýüreginde baky orun aldy.

1954-nji ýyl. Ýewropa futbol birleşigi — UEFA esaslandyryldy.

2004-nji ýyl. Jübi telefonlary üçin ilkinji tor wirusy — «Cabir» ýüze çykaryldy.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info