15-nji mart: Gyzykly maglumatlar

MilliInfo

19 sagat öň

Biziň eýýamymyzdan öňki 44-nji ýyl. Gaý Ýuliý Sezaryň janyna kast edildi. Şol günki dildüwşükli hüjümiň netijesinde Sezar aradan çykdy.  

1892-nji ýyl. Amerikaly oýlap tapyjy Jess Reno ilkinji eskalatory patentleşdirdi.

1894-nji ýyl. Tejen etrabynyň Gowkuzereň obasynda Türkmenistanyň halk ýazyjysy Berdi Kerbabaýew dünýä indi. Ol «Türkmen edebiýatynyň kerwenbaşysy» hasaplanýar. Berdi Kerbabaýew türkmen şygryýetinde we dramaturgiýasynda öçmejek yz goýan şahsyýetdir.

1906-njy ýyl. «Rolls-Royce» kompaniýasy hasaba alyndy.

1937-nji ýyl. Çikagoda ilkinji donor ganynyň banky açyldy.

1938-nji ýyl. Saud Arabystanynda ilkinji nebit tapyldy.

1985-nji ýyl. «.com» zonasynda ilkinji domen (symbolics.com) bellige alyndy.

1993-nji ýyl. Asly gwineýaly fransuz futbolçysy, dünýä çempiony (2018) we Ýewro-2016-nyň finalçysy Pol Pogba dünýä indi.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info