Bu gün — Halkara maşgala güni (International Day of Families): Maşgala meselelerine jemgyýetçiligiň ünsüni çekmek maksady bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan döredildi.
1618-nji ýyl. Nemes astronomy Iogann Kepler planetalaryň hereketiniň kanunlaryny (Kepleriň kanunlary) açdy.
1891-nji ýyl. Meşhur ýazyjy Mihail Bulgakow dünýä indi.
1905-nji ýyl. ABŞ-nyň Newada ştatynda meşhur Las-Wegas şäheri esaslandyryldy.
1928-nji ýyl. Meşhur multfilm gahrymany Mikki Maus ilkinji gezek tomaşaçylaryň öňünde peýda boldy. Ol «Däli uçar» atly multfilmde ekrana çykdy.
1930-nji ýyl. Amerikaly Ellen Çerç dünýäde ilkinji uçar ýolbeledi, ýagny stýuardessa hökmünde bellige alyndy. Ol San-Fransisko — Çikago ugry boýunça amala aşyrylan uçuşda ilkinji gezek ýolbelediň işini ýerine ýetirdi.
1940-njy ýyl. Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň Gojuk obasynda häzirki zaman türkmen edebiýatynyň nusgawy ýazyjysy Atajan Tagan dünýä indi.
1940-njy ýyl. Ahal welaýatnyň Gökdepe etrabynyň Kelejar obasynda Türkmenistanyň halk ýazyjysy Täçmämmet Jürdekow doguldy.
2009-njy ýyl. Magtymguly Pyragynyň Astrahandaky heýkeli açyldy. Astrahan döwlet uniwersitetiniň öňündäki seýilgähde ýerleşýän ajaýyp heýkeli meşhur türkmen heýkeltaraşy Saragt Babaýew tarapyndan taýýarlanyldy.