«Zakon.kz» tarapyndan berlen habarda aýdylyşy ýaly, geçen uik-endde ýapon ýetginjegi Sorato Simidzu 18 ýaşa ýetmedikleriň arasynda 100 metr aralyga ylgamakda täze dünýä rekordyny goýmagy başardy.
Halkara Olimpiýa komitetiniň metbugat gullugynyň habaryna görä, Isikawa şaýolunyň Seýrýo mekdebiniň okuwçysy bu aralygy külterlemekde iki ýyl ozal goýlan 10,06 sekuntlyk dünýä rekordyny täzeledi.
Bu sanlar öň iki ýaş türgene — Puripol Bunsonga (Tailand) we Kristian Millere (ABŞ) degişlidi.
Indi bolsa ýetginjekleriň arasynda 100 metr aralyga ylgamakda täze dünýä rekordy ýapon ýigidi Sorato Simidzunyň hasabyna geçdi. Onuň ozal Ýosihide Kirýu (2013) tarapyndan goýlan öz ýurdunyň mekdep okuwçylarynyň arasyndaky 10,01 sekuntlyk rekordyny hem yzda galdyrandygyny bellemek gerek.
Ýapon okuwçysy indi dünýäniň iň çalasyn türgeni hasaplanýan Useýn Boltuň görkezen sanlaryny täzelemegi arzuw edýär. Şol aralyga dünýäniň absolýut rekordy Useýn Bolta degişlidir — 9,58 sekunt (2009-njy ýyl).
Ýapon ýetginjegiň netijesi Halkara Olimpiýa komiteti tarapyndan bellige alyndy.