1705-nji ýyl. Iňlis şa zenany Anna Isaak Nýutona rysar derejesini berdi we onuň mertebesini has-da belende göterdi.
1853-nji ýyl. Hindistanda ilkinji ýolagçy demir ýoly açyldy.
1889-njy ýyl. Beýik aktýor we režissýor Çarli Çaplin dünýä indi.
1898-nji ýyl. Maksim Gorkiniň eserleriniň ilkinji neşiri çapdan çykdy.
1912-nji ýyl. Amerikaly Garriýet Kuimbi uçarda La-Manş bogazyndan uçup geçen ilkinji zenan hökmünde bellige alyndy.
1927-nji ýyl. Aşgabadyň Köşi obasynda ýaşaýan daýhan maşgalasynda Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri, kompozitor Rejep Gutlyýew dünýä indi.
1978-nji ýyl. Russiýaly şoumen we teleýaýlym alyp baryjysy Iwan Urgant doguldy.