26-njy fewral: Gyzykly maglumatlar

MilliInfo

26 Fewral, 2026

1802-nji ýyl. Bezanson şäherinde ýaşaýan goşun generalynyň maşgalasynda fransuz ýazyjysy, şahyr we dramaturg Wiktor Gýugo dünýä indi. Ol «Býuig Žalgal», «Islandiýaly Gan», «Inkär edilenler», «Deňiz zähmetkeşleri», «Gülýän adam», «Pariž Bibimerýeminiň ybadathanasy», «93-nji ýyl» ýaly romanlary, «Ernani», «Marion Delorin» ýaly pýesalary we ençeme goşgulary bilen dünýä edebiýatynda öçmejek yz goýdy.

1815-nji ýyl. Napoleon Bonapart Elba adasyndaky sürgünlikden gaçdy we häkimiýeti täzeden ele almak maksady bilen Fransiýa dolandy. Napoleon, hakykatdan hem, häkimiýeti eýelemegi başarýar.

1878-nji ýyl. Fransuz filosofy Emil Littre tarapyndan teklip edilen «mikrob» adalgasy ylymda ulanylyşa girizildi.

1935-nji ýyl. Robert Uotson-Uott radaryň, ýagny radiolokasion stansiýanyň ilkinji üstünlikli synaglaryny geçirdi.

1936-njy ýyl. Germaniýada ilkinji «halk awtomobili» bolan «Volkswagen» öndürilip başlandy.

1954-nji ýyl. Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda ilkinji fototoplum, has takygy fotosurat arkaly setir düzýän çap maşyny işläp başlady.

1954-nji ýyl. Türkiýe Respublikasynyň prezidenti, görnükli syýasatçy Rejep Taýyp Ärdogan doguldy.

1984-nji ýyl. «Aşk i memnu» hem-de «Fatmagülün suçu ne» ýaly meşhur türk seriallarynda baş gahrymanyň keşbini ýerine ýetiren belli aktrisa Beren Saat dünýä indi.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info