622-nji ýyl. Yslam senenamasy (hijri ýyl hasaby) boýunça ýyl hasabynyň başlangyjy.
1814-nji ýyl. Metbugatda ilkinji gezek Aleksandr Puşkiniň goşgusy («Goşgyçy dosta») çap edildi.
1877-nji ýyl. Uimbldonda tennis ýaryşynyň ilkinji finaly geçirildi. Onuň ilkinji ýeňijisi Spenser Gor boldy.
1909-njy ýyl. Germaniýada meşhur «Audi» awtomobil kompaniýasy esaslandyryldy.
1950-nji ýyl. «Marakanaso»: Futbol boýunça 1950-nji ýylyň dünýä çempionatynyň aýgytlaýjy duşuşygy geçirildi. Bu oýun futbolyň taryhynda rekord derejedäki (takmynan 200 müň) tomaşaçyny jemlän duşuşyk hökmünde taryha girdi.
1990-njy ýyl. Saturnyň hemrasy bolan Pan açyldy. Ol şeýle hem Saturn XVIII ady bilen tanalýar.
1999-njy ýyl. Bill Geýtsiň eýeçiligindäki «Microsoft» kompaniýasynyň paýnamalarynyň bahasy 100 milliard dollara ýetdi.
2000-nji ýyl. Internet domenleriniň (mysal üçin: .com, .net we b.) sanyny köpeltmek barada karar kabul edildi.
