1879-njy ýyl. Dünýäde ilkinji tramwaý hereketi ýola goýuldy. Berlin sergisinde inžener Werner fon Simens dünýäde ilkinji elektrik demir ýoluny — wagonly «elektrolokomotiwi» tanyşdyrdy.
1901-nji ýyl. Futboluň taryhynda ilkinji gezek Beýik Britaniýanyň çäklerinden daşarda milli ýygyndy toparlaryň duşuşygy geçirildi. Montewideo şäherinde bolan oýunda Argentinanyň ýygyndysy Urugwaýy 3:2 hasaby bilen ýeňdi.
1919-njy ýyl. Amerikaly uçarman Albert Ridiň Atlantik okeanynyň üstünden amala aşyran ilkinji uçuşy başlandy.
1929-njy ýyl. Golluwudda (ABŞ) soňlugy bilen «Oskar» adyny alan ilkinji kino baýraklarynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi.
1939-njy ýyl. Aşgabat şäheriniň Garadamak obasynda Türkmenistanyň halk artisti Nurmuhammet Keşşikow dünýä indi.
1983-nji ýyl. Londonyň polisiýasy awtoulaglary goýmagyň düzgünlerini bozan sürüjilere garşy ilkinji gezek tigirleri bekleýji gurluşlary ulandy.
2008-nji ýyl. Stawropol ülkesiniň Blagodarnensk etrabynyň Edelbaý obasynda beýik türkmen akyldary Magtymguly Pyragynyň Russiýadaky oturdylan ilkinji heýkeli açyldy. Ony Türkmenistanyň Gahrymany, heýkeltaraş Saragt Babaýew bilen binagär S.Sarkisow bilelikde taýýarlady.