16-njy noýabrda Ýaşlar baýragynyň eýelerini sylaglamak dabarasy geçiriler

MilliInfo

16 sagat öň

Ertir — 16-njy noýabrda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Ýaşlar baýragynyň eýelerini yglan etmek we olary sylaglamak dabarasyny geçirmek meýilleşdirilýär.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 14-nji noýabrda geçirilen nobatdaky mejlisinde wise-premýer B.Orazdurdyýewanyň hasabatynda beýan edilşi ýaly, ýurdumyzda Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýelerini sylaglamak dabarasyna ýokary derejede taýýarlyk görülýär.

Bu bäsleşige Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzyň ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň, welaýatlaryň häkimlikleri tarapyndan ýaşlaryň köp sanlysy hödürlenip, şolaryň arasyndan ylymda, bilimde, sportda, saglygy goraýyşda, medeniýetde, ykdysadyýetde, senagatda, oba hojalygynda gazanan üstünlikleri, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasatyny, durmuşa geçirýän beýik özgertmelerini wagyz-nesihat etmekde ýokary döredijilik başarnygyny hem-de işjeňligini görkezen ýaşlar Türkmenistanyň Ýaşlar baýragyna mynasyp görüldi.

Beýan edilenler bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly ýaşlary kemala getirmek boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny belledi hem-de wise-premýere Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýelerini sylaglamak dabarasyny ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo