1946-njy ýyl. Aşgabatda türkmen çagalar şygryýetine özboluşly edebi dünýäsi bilen giren şahyr Azat Rahmanow doguldy. Şahyryň goşgulary sadalygy, akgynlylygy hem çaganyň logikasyna ýakynlygy bilen tapawutlanýar.
1958-nji ýyl. Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherinde şahyr Amanmyrat Kiçigulow dünýä indi. Ol publisistik makalalaryň, oçerkleriň, hekaýalaryň, çeper terjimeleriň, şeýle hem «Jemer seýis» (2004) atly belli kitabyň awtorydyr. Şahyryň rubagylary hem okyjylar tarapyndan söýlüp okalýar.
1964-nji ýyl. «Ford Motor Company» tarapyndan «Ford Mustang» awtoulagynyň önümçiligi başlandy.
1968-nji ýyl. SSSR-de ilkinji gezek haýwanlaryň tebigy gurşawy baradaky «В мире животных» atly bilim beriji telegepleşik efire çykdy. Ony şol döwürde Aleksander Zguridi alyp bardy.
1970-nji ýyl. Rowaýata öwrülen britan sazandasy, aýdymçysy hem kompozitori Pol Makkartniniň «McCartney» atly ilkinji we ýeke-täk albomy çykdy.
1980-nji ýyl. Günorta Rodeziýanyň ady Zimbabwe diýlip üýtgedildi.
1998-nji ýyl. Ýurdumyzda «Biznes reklama» gazeti neşir edilip başlandy.
2011-nji ýyl. «HBO» teleýaýlymynda meşhur «Tagt oýunlary» («Game of Thrones») serialy ilkinji gezek görkezilip başlandy.