1925-nji ýyl. Lebap welaýatynyň öňki Dänew etrabynyň Boýnuzyn obasynda ussat ýazyjy Naryman Jumaýew dünýä indi. Onuň powesti esasynda «Ýuwaş gelin» filmi surata düşürildi.
1950-nji ýyl. Çikagoly hirurg Riçard Louler dünýäde ilkinji gezek 45 minudyň dowamynda adama böwrek göçürmek operasiýasyny amala aşyrdy.
1955-nji ýyl. «Tu-104» ýolagçy reaktiw uçarynyň ilkinji uçuşy bolup geçdi.
1970-nji ýyl. Edwin Lend «Polaroid» kamerasyny patentleşdirdi.
1985-nji ýyl. «Discovery» kabel teleýaýlymlar ulgamy döredildi.
1988-nji ýyl. «Microsoft» kompaniýasy «MS DOS 4.0» operasion ulgamyny çykardy.
