180-nji ýyl. Rimiň 161–180-nji ýyllarda höküm süren imperatory Mark Awreliý aradan çykdy. Onuň hökümdarlyk eden döwri imperiýanyň «altyn asyry» hasaplanýar.
1816-njy ýyl. «Eliza» gämisi La-Manş bogazyny kesip geçen ilkinji bug gämisi hökmünde bellige alyndy.
1845-nji ýyl. Angliýaly Stiwen Perri şikesleri saramak niýetlenen çeýe sargyny patentledi, şeýle hem kanselýariýa rezinini oýlap tapdy.
1861-nji ýyl. Italiýa patyşalygy esaslandyryldy.
1922-nji ýyl. Aleksandr Sergeýewiç Puşkiniň Mihaýlowskiý obasyndaky mülki, Swýatogorsk monastyryndaky mazary hem-de onuň golaýdaky ýerler bolan Trigorskoe, Gorodişşe we Woroniç obalary Döwlet goraghanasy diýlip yglan edildi.
1950-nji ýyl. ABŞ-da 98-nji himiki elementiň — kaliforniniň açylandygy barada habar berildi.
1960-njy ýyl. Ýaponiýada dünýäde ilkinji gezek dürli reňkli flomasterler satuwa çykaryldy.
1986-njy ýyl. Bosniýaly meşhur futbolçy Edin Jeko dünýä indi.