17-nji maý: Gyzykly maglumatlar

MilliInfo

5 sagat öň

1865-nji ýyl. Halkara elektroaragatnaşyk birleşigi (ITU) esaslandyryldy. Bu sene häzirki wagtda Bütindünýä elektroaragatnaşyk we maglumat jemgyýeti güni hökmünde bellenilýär.

1877-nji ýyl. ABŞ-nyň Boston şäherindäki edarada dünýäde ilkinji telefon paýlaýjy enjam (kommutator) oturdyldy.

1911-nji ýyl. Wladimir Maýakowskiniň «Men!» (Я!) atly ilkinji goşgular ýygyndysy neşir edildi.

1916-nji ýyl. Angliýada dünýäde ilkinji gezek tomusky sagat wagtyna geçiş amala aşyryldy.

1959-njy ýyl. Ahal welaýatynyň Gökdepe şäherinde Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, kompozitor Ýazgylyç Aşyrow dünýä indi.

1998-nji ýyl. Angliýanyň Meldon şäherinde agramy 2653 kg bolan dünýäde iň uly kerri tagamy taýýarlanyldy we ol dünýä rekordy hökmünde bellige alyndy.

 

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info