Bu gün — Taryhy ýerleriň we ýadygärlikleriň halkara güni.
1846-njy ýyl. Amerikaly Roýal Hous telegraf enjamyny patentledi.
1853-nji ýyl. Aziýada ilkinji demir ýol ulanylmaga berildi. Ugur şol wagtky Bombeý şäherinden Tanna uzýardy we 36 kilometre barabardy.
1924-nji ýyl. Moskwada yzygiderli awtobus gatnawy ýola goýuldy.
1927-nji ýyl. Leningradyň oýlap tapyşlar boýunça komiteti emeli dem alyş enjamyny patentledi.
2013-nji ýyl. «Legend №17» filminiň premýerasy boldy. Film Nikolaý Lebedew tarapyndan düşürilip, sowet hokkeýçisi Waleriý Harlamowyň şöhrata ýetişi hem-de 1972-nji ýyldaky SSSR – Kanada «Superseriýa» oýnunyň ilkinji duşuşygy barada gürrüň berýär.
2018-nji ýyl. Swazilendiň koroly Mswati III patyşalyk edýän ýurdunyň adynyň Eswatini diýlip üýtgedilýändigini yglan etdi.