1583-nji ýyl. Ilkinji gezek ömrüň ätiýaçlandyrmasy bellige alyndy. Londonda Riçard Martin Uilýam Gibbsonyň ömrüni 383 funt möçberindäki serişdä ätiýaçlandyrdy.
1761-nji ýyl. Russiýa imperiýasynda döwlet gullugy üçin pensiýalar girizildi.
1907-nji ýyl. Londonda beýik şahsyýetleriň ikisi — Jorj Bernard Şou we Mark Twen duşuşdy.
1928-nji ýyl. Ameliýa Erhart ýolagçy hökmünde Atlantik okeanynyň üstünden uçuşy amala aşyran ilkinji zenan boldy.
1942-nji ýyl. Rowaýaty britan sazandasy, «The Beatles» toparynyň agzasy Pol Makkartni dünýä indi.
1973-nji ýyl. Türkmenistanyň halk artisti Gülälek Akmyradowa doguldy.
1980-nji ýyl. Şahyr Seýitmyrat Geldiýew doguldy. Häzirki wagtda ol «Biznes reklama» gazetiniň baş redaktory wezipesinde zähmet çekýär.
2008-nji ýyl. Russiýanyň futbol boýunça ýygyndy topary ilkinji gezek Ýewropa çempionatynyň 1/4 finalyna çykdy.
