28-nji mart: Gyzykly maglumatlar

MilliInfo

1 sagat öň

1797-nji ýyl. Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan bolan Nataniýel Briggs ilkinji kir ýuwujy maşyn üçin patent aldy.

1868-nji ýyl. Häzirki Gorkiý şäherinde beýik rus ýazyjysy Maksim Gorkiý dünýä indi.

1891-nji ýyl. Londonda agyr atletika boýunça ilkinji dünýä çempionaty geçirildi.

1910-njy ýyl. Marselde dünýäniň ilkinji gidroplany — suwuň ýüzünden asmana göterilýän uçary howa giňişligine çykdy.

1930-njy ýyl. Türkiýäniň Konstantinopol we Angora şäherleriniň resmi ady Stambul hem-de Ankara diýlip üýtgedildi.

1986-njy ýyl. Şu gün Ledi Gaga ady bilen tanalýan amerikan aýdymçysy, meşhur aýdymlaryň birnäçesiniň awtory, prodýuser, dizaýner, aktrisa, «Oskar», «Altyn Globus» we «Grammy» baýraklarynyň eýesi Stefani Joan Anjelina Jermanotta 40 ýaşyny belleýär.

1990-njy ýyl. Zehinli türkmen futbolçysy, birnäçe ýyllap milli ýygyndy toparymyzyň kapitany hökmünde çykyş eden Arslanmyrat Amanow dünýä indi. Ol häzirki wagtda «Arkadag» futbol klubunyň prezidenti wezipesinde zähmet çekýär.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info