18-nji maý: Gyzykly maglumatlar

MilliInfo

18 Maý, 2026

Şu gün Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň hem-de Döwlet baýdagynyň güni bellenilýär.

1048-nji ýyl. Beýik şahyr, matematik, astronom hem-de filosof Omar Haýýam dünýä inýär.

1804-nji ýyl. Napoleon Bonapart resmi taýdan Napoleon I ady bilen Fransiýanyň imperatory diýlip yglan edildi.

1951-nji ýyl. Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabynyň Mekan obasynda Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy, şahyr Bazar Şalyýew doguldy.

1954-nji ýyl. Lebap welaýatynyň Garabekewül etrabynyň Lamma obasynda şahyr, žurnalist we ýazyjy Süleýman Ilamanow dünýä indi.

 2005-nji ýyl. Moskwanyň «SSKA» futbol topary finalda Portugaliýanyň «Sporting» klubyny 3:1 hasaby bilen ýeňip, UEFA kubogyny gazandy we ýewropa derejesindäki kuboga eýe bolan ilkinji rus topary boldy.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info