1897-nji ýyl. Dünýäniň birinji uzak aralyga resmi ylgaw ýaryşy bolan Boston marafony ilkinji gezek geçirildi.
1919-njy ýyl. Aeroplandan ilkinji paraşýutly erkin böküş resmi taýdan bellige alyndy. Ony Lesli Leroý Irwin amala aşyrdy.
1928-nji ýyl. Iňlis dili boýunça ilkinji Oksford sözlügini neşir etmek işi tamamlandy.
1935-nji ýyl. SSSR-de «Spartak» sport jemgyýeti döredildi. Bu at sowet futbolçysy we hokkeýçisi Nikolaý Petrowiç Starostin tarapyndan teklip edildi.
1961-nji ýyl. Zehinli türkmen ýazyjysy Jumageldi Mülkiýew doguldy. Onuň «Seljuklar» romany türkmen halkynyň şöhratly geçmişine degişli täsirli wakalary gürrüň berýär.
1970-nji ýyl. «Wolga» awtomobil zawodynyň ýygnamak işini alyp barýan konweýerinden ilkinji «ВАЗ-2101» awtoulagy çykdy. Bu ulag SSSR-de «kopeýka» diýlip atlandyryldy.
2000-nji ýyl. Rumyniýanyň merkezi böleginde Ýewropanyň iň uly altyn känleriniň biri açyldy.
2021-nji ýyl. «NASA Ingenuity» atly dikuçar Ýer ýüzüniň başga bir planetada uçuş amala aşyran ilkinji uçuş enjamy boldy.